Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri 2026-njy ýylyň 8 — 14-nji iýuny aralygynda goňşy Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan Respublikasyna we Daşkent şäherine örän ähmiýetli we netijeli iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň baş maksady ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy berkitmek, suwdan durnukly peýdalanmak hem-de drenaž suwlaryny mikrosuwotular we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri arkaly arassalamagyň öňdebaryjy usullaryny öwrenmekden ybarat boldy.
Iş saparynyň ilkinji günlerinde türkmen hünärmenleri Garagalpagystan Respublikasyndaky Irrigasiýa we suw meseleleri ylmy-barlag institutynda duşuşyklary geçirdiler. Saparyň dowamynda Baş Günorta kollektorynyň ýakynyndaky meýdançalarda göçme nasos beketleriniň işi we drenaž suwlarynyň suwarma üçin ulanylmagyndan öň gamyş we rogoz ýaly ösümliklerden ybarat bolan tebigy bioplato ulgamlarynyň arassalanylyşy anyk mysallarda öwrenildi. Bu ýerde Gün energiýasy arkaly işleýän suw nasoslary elektrik energiýasynyň sarp edilişini azaltmak bilen birlikde, uzakdaky oba ýerlerinde suw üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar.
Saparyň iň wajyp tapgyrlarynyň biri Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Garagalpagystan şahamçasynyň mikrosuwotularyny öndürýän desgalara barlyp görülmegi boldy hem-de «Ýaş alymlar akademiýasy» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bilen duşuşyldy. Duşuşykda mikrosuwotulary senagat möçberinde ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýalary, olaryň bioenergetikada, maldarçylykda, azyk goşundylaryny öndürmekde we daşky gurşawy goramakda ulanylyş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu saparyň dowamynda gazanylan tejribeler we ylmy maglumatlar Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň synag meýdançasynda durmuşa geçiriljek «Kollektor-drenaž suwlaryny mikrosuwotularyň kömegi bilen arassalamak üçin Gün we ýel desgalar toplumy» atly nusgalyk synag taslamasynda giňden ulanylar.