«Nebit-Gaz» gazetiniň redaksiýasynda «Yonhap» agentliginiň habarçysy bilen duşuşyk geçirildi
15:46 05.07.2026 838
2026-njy ýylyň 16 — 17-nji sentýabrynda Seul şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň öňüsyrasynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda maglumat-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy işjeňleşýär. Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy habarlar agentligi bolan «Yonhap» agentliginiň habarçysy Song Dohýonyň Türkmenistana sapary bu ugurdaky möhüm wakalaryň biri boldy. Žurnalist türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ösüşi hem-de mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň geljegi barada materiallary taýýarlamak maksady bilen ýurdumyza geldi.
Saparyň çäklerinde «Nebit-Gaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň baş redaktory Ussa Ussaýew «Yonhap» agentligine interwýu berdi. Ol söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada gürrüň berdi.
Interwýudan soň Song Dohýon redaksiýanyň döredijilik topary bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň nebitgaz pudagynda köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläkki ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda dünýäniň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi hyzmatdaşlygyň iň üstünlikli mysallarynyň biri hökmünde bellenildi. Koreýa Respublikasynyň «Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýasy taslamanyň birinji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine, şol sanda tebigy gazy kükürtden arassalaýan desganyň gurluşygyna işjeň gatnaşdy.
Günorta Koreýanyň kompaniýalary Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem uly goşant goşdy. «LG International Corporation» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda nebiti gaýtadan işlemegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologik desgalar ulanmaga berildi.
Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir üstünlikli mysaly hökmünde Gyýanly şäherçesinde gazhimiýa toplumynyň gurulmagy görkezildi. Bu ýerde häzirki zaman ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalar esasynda polietilen we polipropilen önümçiligi ýola goýuldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Koreýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (KOICA) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Mary şäherindäki nebitgaz orta hünär okuw mekdebi üçin döwrebap okuw binasy guruldy. Bu ýerde okuw otaglarynyň we barlaghanalaryň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi isleg bildirilýän inžener-tehniki ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilik döredýär.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň senagat, energetika, bilim, innowasiýalar we ekologiýa taslamalary ýaly ugurlary öz içine alyp, yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şeýle hem Seul şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de täze özara bähbitli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin möhüm meýdança boljakdygy nygtaldy.
ÝB-niň energetika ministrleri gazyň iň ýokary çäk bahasy babatda umumy pikire gelip bilmediler
Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň energetika ministrleri anna güni düşünişmezligi aradan aýryp, sowuk möwsümiň ýakynlaşyp gelmegi bilen energiýa geçirijileriniň bahalarynyň artmagy netijesinde rus gazy meselesi boýunça umumy pikire gelip bilmediler. Birnäçe ýurtlar bu babatda garaýyşlaryny üýtgetmekden ýüz öwürdiler diýip, Interfaks habar berýär.
Eni 2022-nji ýylda nebitiň barreliniň bahasy boýunça çaklamasyny 105 dollara çenli ýokarlandyrdy
Eni kompaniýasynyň ýolbaşçylary Brent nebitiniň 2022-nji ýylda binýatlyk bahasynyň çaklamasyny 80 dollardan 105 dollara çenli ýokarlandyrdy we ýylyň jemleri boýunça öz nebit we gaz önümçiliginiň çaklamasyny ýaramazlaşdyrdy diýip, Interfaks habar berýär.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi
13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary — Toparyň türkmen böleginiň başlygy Şahym Abdrahmanowyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Çäk müdirligi we infrastrukturalar ministri Gnel Sanosýanyň — Toparyň ermeni böleginiň başlygynyň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hünärmenleri Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça taslamany maslahatlaşdylar
12-13-nji sentýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça bilelikdäki Iş toparynyň nobatdaky duşuşygynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek baradaky Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň düzgünleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Imperatory söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bellediler
15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.