Ikinji Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär

Ikinji Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär

3-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisine görülýän taýýarlyk meselelerine garady diýip, TDH habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geňeşiň Duşenbe şäherinde geçiriljek ikinji mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde zerur işler alnyp barylýar.

Işewürler geňeşiniň esasy maksady Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekden ybaratdyr.

Mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigini aýtdy. Döwlet Baştutany wise-premýere Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisini guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistan bilen Täjigistanyň hyzmatdaşlygynyň energetika we ulagdan başlap, oba hojalygyna hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklara çenli giň ugurlary öz içine alýandygyny bellemek gerek.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hataryna ýangyç-energetika pudagy girýär. Ýurdumyz Täjigistana nebit önümlerini ugradýar we bu möçberleri artdyrmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýar. Şeýle hem tebigy gazy ibermek we energetika dialogyny giňeltmek babatynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993