HNGU-nyň mugallymlary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler

HNGU-nyň mugallymlary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 10 mugallymy 28-nji iýundan 7-nji iýula çenli Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan we Çende şäherlerinde ýerleşýän Siýan nebit uniwersitetinde hem-de Hebeý hünär-tehniki nebit uniwersitetinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler.

Okuwlar «Peýdaly magdanlaryň geologiýasy we känlerini gözlemek» hem-de «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebit-gaz pudagynda)» ugurlary boýunça gurnaldy.

Hünär ýokarlandyryş okuwlary üçin Siýan nebit uniwersiteti we Hebeý hünär-tehniki nebit uniwersiteti ýörite maksatnama taýýarladylar. Oňa laýyklykda, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary bu okuw mekdepleriniň gurluşy bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar geologiýa muzeýlerine, «LONGi Green Energy Technology Co., Ltd.» kärhanasyna, şeýle-de Hytaýyň Ylym we tehnologiýa muzeýine baryp gördüler.

Bu hünär ýokarlandyryş okuwlary 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Siýan şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Siýan nebit uniwersitetiniň, Hebeý hünär-tehniki nebit uniwersitetiniň, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň halkara bilim alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäginde gurnaldy. Bu barada Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993