8-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Mikail Jabbarow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de myhman döwletara gatnaşyklary ilerletmekde ýokary derejedäki yzygiderli dialogyň ornuny belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň azerbaýjan-türkmen hyzmatdaşlygynda täze sahypany açandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisiniň mejlisiň ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini nygtady.
Söhbetdeşler ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde hökümetara toparyň wajyp ornuny bellediler. Bu topar söwda, logistika, ylym, tehnika ulgamlarynda hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýän utgaşdyryjy gural bolup çykyş edýär.
Şeýle hem iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşişini netijeli ulanmagyň möhümdigine üns çekildi. Munuň özi energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, logistika ugurlaryny kämilleşdirmek, halkara ähmiýetli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Duşuşykda şu ýyl ýurdumyzda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygy aýdyldy.