Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 1-10-njy iýul aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki Halifa uniwersiteti tarapyndan guralan «Daşary ýurtly talyplar üçin tomusky energetika lageri» bilim maksatnamasynyň çäklerinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, okuw-önümçilik tejribeliginiň esasy maksady ADNOC kompaniýasynyň önümçilik işi bilen tanyşmak, şeýle hem Halifa uniwersitetiniň bilim we ylmy-derňew işleri pudagyndaky tejribesini öwrenmekden ybaratdyr.
Tejribe geçiş döwründe türkmen talyplary Halifa uniwersitetinde ulanylýan häzirki zaman nebitgaz tehnologiýalary, energetika pudagyna emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyşy, uniwersitetiň barlaghanalarynda geçirilýän ylmy-derňew işleri, öňdebaryjy önümçilik usullary bilen jikme-jik tanyşýarlar, şeýle hem okuw merkezlerine we muzeýlere baryp görýärler.