Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatory bilen energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatory bilen energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

9-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.

Döwlet Baştutanymyz syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa — ABŞ” formatyndaky sammite gatnaşmak üçin geçen ýylyň noýabrynda Waşington şäherine amala aşyran iş sapary munuň aýdyň mysalydyr. Saparyň dowamynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen söhbetdeşlikde türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekde ony has-da ösdürmek boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň fewralynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Florida ştatyna amala aşyran saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde wajyp ähmiýeti bellenildi. Ýokary derejedäki şeýle dialog Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmek üçin möhüm syýasy esas hökmünde çykyş edýär.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika, ulag, maliýe, bank, öňdebaryjy tehnologiýalar, emeli aň ýaly möhüm ugurlarda ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýurdumyz tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini deň derejede nazara almak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow energetika babatda sebitde geljegi uly Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýurdumyzyň ýokary baha berýändigini aýdyp, bu taslamanyň sebitde ykdysady ösüşi, hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993