Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary Malaýziýa tejribe geçmäge ugradyldy
11:50 23.07.2026 204
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň bir topary 14-nji iýulda «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde bilim almak we hünärini ýokarlandyrmak üçin Malaýziýa ugradylar.
«PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň ýöriteleşdirilen okuw merkezi 2 hepdelik bilim beriş we 1 hepdelik hünär ýokarlandyryş maksatnamasyny taýýarlady.
Şunlukda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary täze tehnologiýalary işläp düzmek, önümçilige sanly tehnologiýalary ham-da emeli aňy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly hünär ugurlary boýunça bilim alarlar. Olar şeýle hem Malaýziýadaky «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde okuwyň guralyşy we ýokary okuw mekdebiniň gurluşy bilen tanşarlar.
Malaýziýanyň «PETRONAS» Tehnologiýa uniwersitetinde geçilýän bilim we önümçilik tejribesi talyplar üçin uly ähmiýete eýe bolup, olaryň nazary bilimlerini amaly başarnyklar bilen baýlaşdyrmagyna ýardam eder. Mugallymlar üçin niýetlenen hünär ýokarlandyryş okuwlary bolsa öňdebaryjy dünýä tejribesini öz mugallymçylyk işine yzygiderli ornaşdyrmaga kömek eder. Bu barada turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.
Prezident: Türkmenistan ýaponiýaly işewürlere özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ähli şertleri hödürlemäge taýýar
Ýaponiýa bilen işewürlik hyzmatdaşlygyny ynamly meýilleşdirmek üçin ýurdumyzda ähli şertler bar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Tokioda ýapon işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy bilen duşuşdy
15-nji aprelde Ýaponiýa saparynyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen hem duşuşdy.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.