“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy 28.07.2026 - 24.08.2026 aralygynda TENDER yglan edýär
13:52 28.07.2026 294
“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň awtomat ýangyn duýduryş hem-de ýangyna garşy suw üpjünçilik ulgamyna tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça Türkmenistanyň manatlarynda hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin №2026/39 belgili TENDERI yglan edýär.
Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:
1. Bäsleşige gatnaşmak hakynda ygtyýarly adamyň goly çekilen we möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we rekwizitleri görkezilen bolmaly;
2. Size arzada görkezilen elektron salgy boýunça tehniki tabşyryk iberiler;
3. Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron faýl görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen goralan bolmaly.
4. Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde «www.oilgas.gov.tm», saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 20 (ýigrimi) günüň dowamynda iberilmeli. Şol möhletiň 20-nji iş güni ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan giç gelen teklipler kabul edilmez.
Takyk maglumaty almak üçin:
Guramaçylyk meseleleri barada MTO inženerine +993-61-49-57-47 belgili telefon ýa-da KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça ýüz tutmaly;
Tehniki meseleler barada energiýa üpjünçilik we awtomatlaşdyryş bölüminiň ýolbaşçysyna +993-62-60-07-11 belgili telefon ýa-da IgnatevGR@tatneft.tatar salgysy boýunça ýüz tutmaly;