“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy HALKARA TENDERIŇ möhletini uzaldýar: 13.08.2026-15.09.2026

18:04 12.08.2026 271

“Türkmengeologiýa” DK Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin işleriň we hyzmatlaryň potratçylaryny bäsleşik (tender) esasynda seçip alýan Toparyň adyndan tender teklipleri kabul etmegiň möhletini uzaldýar  

HALKARA TENDER №02/26

“Türkmengeologiýa” DK üçin Aýratyn iş taslamasyna laýyklykda Akpatlawuk ýatagynyň  №01 gözleg guýusyndaky miosen (N1) çökündileri burawlamak we özleşdirmek (synag etmek) barada (tender bitewi bolup durýar)

Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:

·     tendere gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitlerini hem-de kompaniýanyň işi barada maglumatlary görkezmek bilen, tendere gatnaşmak islegi barada arzany bermek (offşor zolaklarynda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär);

·     “Döwlet hajatlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyşmak, “Tenderi geçirmegiň düzgünlerinden” göçürme hem-de tendere gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalary bermek;

·     Geologiýa-tehiki tabşyrygy hem-de şertnamanyň esasy şertlerini almak;

·     Tendere gatnaşmak üçin ABŞ-nyň 1 500 (bir müň bäş ýüz) dollary möçberinde (GSB we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) serişdeleri ýa-da şoňa barabar manat serişdelerini tölemek üçin hasap almak;

Serişdeleri geçirmek üçin hasap arza berilenden soň gowşurylar

        Tender resminamalarynyň bukjalary doly tender teklipli, mastika möhri bilen tassyklanyp ýelmenen bukjada (kotirowkaly) kabul ediler hem-de serişdeler “Türkmengeologiýa” DK-niň hasabyna gelip gowşandan soň serediler.Tender  teklipli (kotirowkaly) bukja tender resminamalarynyň bukjasynda görkezilen sanawa laýyklykda düzülmelidir. Tender bukjasyna hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň elektron görnüşini (“Word” formatda) hem-de tehniki-ykdysady spesifikasiýany (“Excel” formatda) salmaly.

Zerur bolan maglumaty, şeýle hem yglan edilen lotlaryň spesifikasiýasyny   http://www.tmgeology.gov.tm/ we/ýa-da http://www.oilgas.gov.tm/ internet saýtlaryndan alyp bolar.

Ýokarda görkezilen ähli resminamalary we tender teklipleri Aşgabat, Arçabil şaýoly 56 salgysy boýunça “Türkmengeologiýa” DK-ne ibermeli.

Teklipleri bermegiň möhleti 2026-njy ýylyň 13-nji awgustyndan 15-nji sentýabryna çenli ýerli wagt bilen sagat 12-ä çenli uzaldylýar.

Elektron poçtanyň salgysy: tdk@tmgeology.gov.tm ýa-da marketing@tmgeology.gov.tm

Habarlaşmak üçin şu telefonlar: 40-34-52, 40-34-54 boýunça ýüz tutmaly, faks 40-34-53

Tehniki meseleler boýunça: 40-34-13, 40-34-79, 40-34-66.

Başga makalalar