Türkmenistanda mezozoý çökündileri nebitgaz çykarylyşyny artdyrmagyň geljekli ätiýaçlygy hökmünde kesgitlenildi

14:50 13.08.2026 204

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/17592/original-16a7d936b8c8e6.jpg

Türkmenistanda nebitiň we gazyň çykarylyşy adatça orta pliosen çökündi toplumy, ýagny gyzyl reňkli gatlak diýlip atlandyrylýan toplum bilen baglanyşyklydyr. Emma soňky ýyllarda mezozoý toplumynyň çökündileri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu çökündilere ýurdumyzyň çig mal binýadyny giňeltmegiň geljekli ugry hökmünde garalýar.

Muňa, ilki bilen, Kür çöketliginiň we Demirgazyk Apşeron epin zolagynyň ýokarky mel çökündilerinden, şeýle hem Gazagystandaky Oýmaşa käniniň mel we ýura çökündilerinden alnan nebit akymlary esas bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň birnäçe meýdançasynda çuň guýular burawlananda we mezozoý toplumynyň çökündileri açylanda, nebitiň hem-de gazyň ep-esli alamatlary bellige alyndy.

Günorta-Günbatar Türkmenistanyň gury ýer böleginde pliosen çökündileri boýunça nebitiň başlangyç jemi gorlarynyň 70 göterimden gowragy agtarylan bolsa, häzirki wagtda mezozoý çökündilerine uglewodorod serişdeleriniň çak edilýän gorlarynyň takmynan 60 göterimi düşýär. Bu görkezijiler ýakyn geljekde geologiýa-gözleg işleriniň möçberini artdyrmagyň zerurdygyny görkezýär, bu bolsa ýurdumyzyň çig mal binýadyny artdyrmak üçin uly ätiýaçlykdyr.

Bellenilişi ýaly, geofiziki barlaglaryň maglumatlaryna görä, Günbatar Türkmen çöketliginiň çäginde mezozoý çökündileriniň galyňlygy 10 — 12 kilometrden az däldir, bu bolsa çökündileriň ýokary tizlikde toplanýandygyna şaýatlyk edýär. Çökündileriň galyňlygynyň paýlanyşy bilen nebitli fasiýalaryň ýerleşişiniň arasynda göni baglanyşygyň bardygy anyklanyldy: basseýniň nebitli bölekleri çökündileriň galyň toplanan zolaklary hem-de ýer gabygynyň uzak wagtlap we çalt aşak çümen ýerleri bilen gabat gelýär. Çökündileriň çalt aşak çümmegi basyşyň we gyzgynlygyň ýokarlanmagyna getirýär, bu bolsa nebitiň emele gelmegi üçin möhüm şertleriň biridir.

Ady agzalan çöketlik Türkmenistanyň iň uly we ýeke-täk nebitgaz çykarylýan sebiti bolmagynda galýar. Çöketligiň kaýnozoý çökündilerinde köp sanly nebit we gaz käni ýerleşýär. Alymlaryň çaklamagyna görä, uglewodorodlaryň emele gelmegi esasan has çuňda ýerleşen mezozoý çökündilerinde bolup geçipdir. Şol ýerden olar ýaryklar, jaýryklar we läbik wulkanlarynyň kanallary arkaly ýer astynyň ýokarky gatlaklaryna göçüp geçipdir.

Mezozoý çökündileriniň toplanmagy basseýniň uzak wagtlap durnukly çümmeginiň fonunda, dikeldiş ýa-da gowşak dikeldiş geohimiki şertlerinde bolup geçipdir. Muňa kesimiň litofasial aýratynlyklary we çökündileriň uly galyňlygy şaýatlyk edýär. Şuňa meňzeş geostruktura we fasiýa şertleri Azerbaýjanda, Gazagystanda, Eýranda we golaýdaky beýleki nebitgazly sebitlerde-de bellenildi. Şol sebitlerde iri nebit känleri içki geosinklinal we dagöňi çöketlikler bilen baglanyşyklydyr.

Mezozoý çökündileriniň geljekliligini goşmaça tassyklaýan delil hökmünde Garadepe käniniň 23-nji belgili guýusynda geçirilen synaglaryň netijeleri görkezildi. Şol synaglarda nebitgazlylyk alamatlary alyndy. Şeýle hem aşaky mel we ýura çökündilerinde, ýokarky mel, paleogen we miosen çökündileriniň toýun jynslarynyň gatlaklary bilen örtülen galyň kollektor gatlaklarynyň bardygy bellenildi. Neokom we ýokarky ýura çökündilerinde litologik düzümi hem-de kollektorlyk häsiýetleri boýunça karbonat jynslary agdyklyk edýär, bu bolsa olary uglewodorod ýataklaryny gözlemek üçin bitewi neokom — ýokarky ýura litologik-stratigrafik geljekli toplumy hökmünde aýratynlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Başga makalalar
161dbd754833fa.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow Derwezedäki gaz kraterini söndürmegiň usulyny tapmagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Derwezedäki ýanyp duran gaz kraterini söndürmegiň çözgüdini tapmak meselesini gozgady.


16525194418b14.jpg
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary ýakynda geçiriljek mejlisiň gün tertibini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şähergurluşyk ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň eýran böleginiň ýolbaşçysy Mehrdad Bazrpaş bilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Toparyň nobatdaky mejlisi bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


161dbd7a3698dc.jpeg
Türkmenistan we Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmäge taýýar

Türkmenistanyň we Owganystanyň Hökümet wekilleri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda we beýleki infrastruktura taslamalarynda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýarlygyny mälim etdiler diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161dd22684609e.jpeg
Nebiti gaýtadan işlemegiň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň47-si hasaba alyndy.


161dd264b0358e.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň häkimiýetleri bilen nebitgaz toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisi Eýrana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini kabul etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.