«Türkmengaz» Döwlet konserni: 14.08.2026 - 25.09.2026 aralykda açyk Tender yglan edýär

16:34 14.08.2026 299

Hormatly jenaplar!

«Türkmengaz» Döwlet konserni:

14.08.2026 – 25.09.2026 aralykda

№T/GAZ-035 belgili açyk Tenderi yglan edýär.

«Türkmengaz» Döwlet konserniniň zerurlygy üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak barada. Tendere diňe haryt öndürijiler (tender resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelen ýagdaýynda) gatnaşyp bilýär.   

Lot №1 – «Turbalar we metal önümleri»;

Lot №2 – «Umumzawod enjamlary».

Lot №3 – «Elektrotehniki önümler, KIPweA».

Lot №5 – «Himiýa önümleri»   

        Size Aşgabat ş.1939, Arçabil şaýoly, 56-njy jaý, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK UKPO salgysy boýunça şular teklip edilýär:

-         tendere gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitlerni görkezmek bilen, tendere gatnaşmak islegi barada arzany ibermek (ofşor zolaklarynda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

-         “Döwlet hajatlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Tenderi geçirmegiň düzgünlerinden” göçürme hem-de tendere gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy bilen;

-         Lotyň tabşyrygyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

-         ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde (GSB we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) serişdeleri ýa-da şoňa deň bolan manat serişdelerini tölemek üçin hasap almak, bir lot üçin tendere muzdsuz gatnaşmak üçin;

Zerur bolan maglumatlary şu salgydan alyp bolar: turkmengaz.gov.tm/, oilgas.gov.tm/ ýa-da ýokarda görkezilen salgydan almak bolar.

          Electron poçtanyň salgysy: info@turkmengaz.gov.tm.

Habarlaşmak üçin telefonlar:  40-37-45 (факс), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42

Tender boýunça teklipler 25.09.26-da ýerli wagt boçunça 15.00-a çenli  kabul edilýär.   

Bellenilen möhletden giç gelen teklipler kabul edilmez. Pul serişdelerini geçirmek üçin niýetlenen hasap arza berlende görkeziler.

           Tender teklipleri ýokarda görkezilen salgy boýunça iberilmeli hem-de pul serişdeleri hasaba gowşandan soň seretmek üçin kabul edilýär.

Teklipler möhürlenip tassyklanan iki sany aýry bukjada, tender talaplyklaryny (kotirowkalary) taýýarlamak boýunça gözükdirmä laýyklykda kabul edilýär

Electron poçtanyň salgysy: info@turkmengaz.gov.tm.

                                                  odum@turkmengaz.gov.tm

«Türkmengaz» DK-niň Internetdäki saýty: oilgas.gov.tm/

 Goşmaça maglumatlar 

Başga makalalar