Ojakdan gözbaş alyp...
Aňyrsyna-bärsine göz
ýetmeýän, uç-gyraksyz Garagum. Onuň asty hem, üsti hem durşuna genji-hazyna. Baryp-ha geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň ortalarynda Demirgazyk
— Gündogar Garagumda ýerasty baýlygyň — «mawy ýangyjyň» köp mukdardaky gorunyň
bardygy anyklanylýar. Şondan soň, hazyna
Türkmenistanyň
gaz senagatynyň gözbaşynda durýan Ojak gaz käninden soňra ençeme ýataklaryň
üsti açyldy we senagat taýdan özleşdirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki
sebitlerinde hem gaz ýataklarynyň onlarçasynyň üsti açylýar. Gaz gorunyň
möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýä