«Galkynyş» känindäki zähmet üstünlikleri
09:28 19.04.2021 28676
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyş» gaz käninde gazy kükürtden arassalamak boýunça desgasynda zähmet çekýän «Marygazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýyly ýokary zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrýarlar.
Häzirki wagtda bu ýerde 44 sany ulanyş guýusyndan ýokary basyşly tebigy gaz çykarylýar. 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda tebigy gazyň senagat arassalaýşy 4 mlrd 347 mln 300 müň 154 kub metre barabar bolup, şolardan daşarky sarp edijilere 3 mlrd 912 mln 78 müň 610 kub metr harytlyk gaz öndürilip iberildi.
Bu döwürde «Galkynyş» käninde gazy kükürtden arassalamak boýunça birinji we ikinji desgada gaz kondensatyny we kükürti arassalamak boýunça meýilnama ýerine ýetirildi. Hususan-da, bu döwürde 97,5 tonna gaz kondensaty we 182 müň 125 tonna kükürt öndürildi.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.