Türkmenistanyň gaz senagaty: geljekki mümkinçilikler
Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumy GECF «Global Gas
Outlook 2050» atly nobatdaky bäşinji hasabatyny çap etdi, onda dünýäniň
energetika bazarlarynyň ýagdaýy we olaryň ösüşi, energetika ulgamynda tebigy
gazyň eýeleýän orny jikme-jik seljerilýär.
Täze neşirde bellenilişi ýaly, energiýa serişdelerine
bolan isleg dünýä ykdysadyýetiniň ösmegi hem-de ilatyň artmagy bilen kem-kemden
ýokarlanar. 2023-nji ýylyň ahyryna çenli ol 2019-njy ýyldaky derejesine baryp ýeter,
2050-nji ýyla çenli bolsa ýene-de 24 göterim ýokarlanar. Şunda uglewodorod
ser