«Mawy ýangyjyň» çykarylyşy artýar
«Türkmengaz»
döwlet konserni uglewodorod çig malyny çykarmak boýunça önümçilik
maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirýär. Şu ýylyň üç aýynda ýeriň astyndan
tebigy we ugurdaş gazyň 22 milliard kubmetrden gowragy çykaryldy. Bu görkeziji
geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 2,5 milliard kubmetr köp
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, «Marygazüpjünçilik» we «Lebapgazüpjünçilik» müdirliklerinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň, şeýle hem Mary we Lebap welaýatlarynyň nebitgaz edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň iş maslahatlary geçirildi, olaryň barşynda pudakda amala a