Arzuwlaryň wysaly sen, Aşgabat!

08:30 26.05.2021 22375

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2267/original-160f12221a1dfc.jpeg

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ýüregi bolan Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Ak mermere örtülen beýik binalary we ajaýyp ymaratlary bilen gözelleşýän, dünýäni haýrana goýýan Aşgabat bagtyýarlyk döwrümiziň keşbini janlandyrýar.  

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli aladalary netijesinde ak şäherimiz Aşgabat täze keşbe beslendi. Alnyp barylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy boýunça paýtagt şäherimiz täze, döwrebap, ýokary tehnologiýalar, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan binalar, desgalar bilen öz çägini has-da giňeldýär. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun eýeleýän, abraýly halkara guramalarynyň, ýokary derejeli hünärmenleriň, syýahatçylaryň, myhmanlaryň mynasyp bahasyna eýe bolýan paýtagtymyz ýaşamak, dynç almak, netijeli zähmet çekmek üçin ähli eşretleri özünde jemleýär. Gurlup, ulanylmaga berilýän ajaýyp desgalarynyň içki-daşky, tehniki gurluşy, milli aýratynlyklarymyz, häzirki zaman binagärlik-gurluşyk ýörelgeleri bilen tapawutlanýan Aşgabat Aziýanyň merjen şäherine öwrüldi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylýan işler ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan täze derejelere çykarýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä laýyklykda geçirilýän bu işler ýurdumyzyň ähli künjekleriniň, şol sanda Aşgabadyň dünýä nusgalyk derejede ösmegine, özgermegine alyp barýar. Aşgabat gün-günden gözelleşýän keşbi, owadan binalary, ýurdumyzy hem-de tutuş sebiti gurşap alýan toý-baýramlary bilen ildeşlerimiziň, myhmanlaryň göwünlerini göterýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýy dabara, joşgun bilen agzybirlikde giňden bellenilip geçildi. Şol gün döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda ak mermerli şäherimizde ulag hyzmatlaryny ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin «Hyundai All New Super Aero City» kysymly awtobuslaryň hem-de «Toyota Сorolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň köpsanlysy işe girizildi. Baýramçylyk güni işe girizilen bu ulaglaryň ýolagçylara tölegsiz hyzmat etmegi aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Şol gün Gündogaryň merjen şäheri Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda 140 sany 2 gatly täze kottej ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy, şeýle hem «Aşgabat siti» täze döwrebap şäheriň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagy buýsançly wakalara öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz, ýurdumyzyň paýtagt şäheri merjen Aşgabat dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilýär. Ýagty geljegi nazarlaýan bu özgertmeler mähriban halkymyzyň eşretli durmuşyny, bagtyýarlygyny, asudalygyny alamatlandyrýar. Goý, ýurdumyzy we ak şäherimiz Aşgabady ynsanperwerligiň, tämizligiň hem-de kämilligiň merkezine öwren milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!

Döwlet EÝEBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar

16630c57f6073e.jpg
«Mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün edilýär

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy, Ruhubelent, Köneürgenç, Şabat we Görogly etraplaryndaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalaryň ilatyny hem-de Garagum sährasynyň jümmüşinde, Sarygamyş kölüniň boýlarynda we Bötendag sebitlerinde bar bolan öri meýdanlarynda häzirki günlerde ýazlaga çykan, çarwaçylyk bilen meşgullanýan maldarlarymyzy suwuklandyrylan gaz bilen ýeterlik derejede üpjün etmek ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar.


168d17c8b142de.jpg
Burawlaýjylaryň zähmet üstünligi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary ýurdumyzyň sebitlerindäki gäz känleriniň ulanyş guýularynda burawlaýyş işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Gazçylar döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramçylygynyň giňden toýlanylýan günlerinde ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar.


163d8ab92bfb02.jpeg
Arkalaşykly işiň miwesi

«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Döwletabat —Derýalyk baş gaz geçirijisiniň ugrundaky «Şatlyk» önümçilik edarasy hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze döredijilik gözlegleri bilen işleýän öňdebaryjy zähmet toparlarynyň biridir. Kärhananyň hünärmenleridir işçileri meýilleşdirilen önümçilik tabşyryklaryny ýerine ýetirip, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» ilkinji aýyny üstünlikli jemlediler.


163c6333caa7f5.jpeg
Has çuň gatlaklara aralaşyp

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 4-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren ilkinji mejlisinde nebitgaz ulgamynyň işleri baradaky hasabaty diňläp, täze özleşdiriljek nebit ýataklarynyň gorlaryny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan çäreleriň ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakdaky ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.