Energetika ulgamynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy

10:44 07.06.2021 7023

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2325/original-160b486ce4ed48.jpeg

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen geçiren duşuşygynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, gepleşiklerde Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek işine aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu Şertnamanyň tarapdary bolmak bilen, ony hyzmatdaş döwletler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda kämilleşdirmek boýunça gepleşiklere işjeň gatnaşýar. Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek hakynda ara alyp maslahatlaşmalara başlamak baradaky karar 2017-nji ýylyň noýabrynda EH-niň Aşgabat maslahatynda kabul edildi.

Maýa goýum we maliýeleşdirmek, durnukly ösüş we hukuk meseleleri EH-niň Şertnamasyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlarynyň arasynda. Bu duşuşykda  Energetika Hartiýasynyň Şertnamasynyň kämilleşdirilmeginiň Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynda göz öňünde tutulan maksatlar bilen sazlaşdyrylmagy boýunça taraplaryň gyzyklanmalary beýan edildi.

Başga makalalar
164e09e155e53f.jpg
«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar

Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.


161b99cf32f319.jpeg
Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar

Sişenbe güni Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161b99c99a4f0e.jpeg
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.


16864f036552e3.jpg
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär

«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.


1686297c52240a.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.