Gazlift enjamlary «gara altynyň» çykarylyşyny artdyrmaga ýardam edýär
23:01 01.06.2021 3158
«Türkmennebit» DK-nyň gazýygnaýjy müdirliginiň «Goturdepe», «Hazar» we «Barsagelmez» gazkompressor desgalarynda işler ýokary depginlerde alnyp barylýar.
Şu ýylyň geçen dört aýynda arassalanan, gaýtadan işlenilen we nebit guýularyna iberilen ugurdaş gazyň jemi mşçberi 1 mlrd 928 mln kub metrden gowrak boldy.
Gazlift enjamlarynyň gazkompressor desgalaryna oturdylmagy guýulary ulanyşa girizmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu enjam «gara altynyň» çykarylyşyny artdyrmaga ýardam edýär.
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Halkara parlamentariler kongressi bilen hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Halkara parlamentariler kongressiniň (IPC) Baş sekretary, senator hanym Sitara Aýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen IPC-niň arasynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
AZCHEMCO azerbaýjan kompaniýasy Türkmenistanda suwuk dökünleriň we agrohimikatlaryň önümçiligini ýola goýmaga taýýar
Bu barada AZCHEMCO holding kompaniýasynyň wise-başlygy Rifat Sultan-zade “Uglewodorod serişdelerini işläp taýýarlamagyň energetiki mümkinçilikleri, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri” atly (TESC 2024) Aşgabatda iýunyň birinji on günlüginde geçirilen Halkara maslahatynda belledi. Söhbetdeşligi okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris.
Gurbanguly Berdimuhamedow: YHG-nyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi görýär
YHG-nyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi görýär. Bu barada Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň 15-nji sammitinde eden çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.