Türkmenistan noýabrda Aşgabatda YHG agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär
12:58 22.06.2021 7641
28-nji noýabrda Aşgabatda YHG-nyň XV sammitini geçirmek meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow sammite görülýän taýýarlyk işleri barada Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
YHG-nyň XIV sammitinde ýurdumyz bu gurama başlyklygy kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Ony ýerine ýetirmegiň çäklerinde, häzirki döwre çenli ministrlikleriň derejesindäki birnäçe duşuşyklar geçirildi. Mundan başga-da, iýun aýynda energetika ministrleriniň dördünji duşuşygyny we YHG-ä agza ýurtlaryň milli statistika edaralarynyň bäşinji duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Häzir ýylyň ikinji ýarymynda bellenilen çärelere taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy.
Bu wajyp foruma taýýarlyk meseleleri 16-njy iýunda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary bilen bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Sammiti ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli düzgünnama, şol sanda oňa giňden maglumat goldawyny üpjün etmek, forumyň çäklerinde degişli çäreleri guramak, YHG-nyň sekretariaty bilen bilelikde onuň maksatnamasyny, gün tertibini we jemleýji resminamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli teklipler işlenilip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň düzüminde Guramaçylyk toparyny döretmek göz öňünde tutulýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geçen döwürde Türkmenistan bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda uzak möhletleýin esasdaky tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolan özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belledi. Köptaraply netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan ýurdumyz YHG-ä agza ýurtlar bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk esaslaryna daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Bu barada aýtmak bilen, türkmen Lideri YHG-nyň geografik, taryhy we medeni däpleriň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglaşýan döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygynyň guraly hökmünde utgaşdyryjy ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek we täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleriň açylmagy bu ugruň häsiýetli aýratynlygydyr.
YHG 1985-nji ýylda döredilip, 10 sany döwleti birleşdirýär — Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Türkmenistan, Türkiýe, Täjigistan we Özbegistan. YHG BMG-de we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynda synçy derejesine eýe, Ýewropa bileleşigi, BMG-niň ýanyndaky Azeyk we oba hojalyk meseleleri boýunça guramasy (FAO), BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet baradaky meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy, Halkara energetika hartiýasy, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasy (ASEAN), Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy we beýlekiler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Ulag-kommunikasiýa toplumy YHG agza döwletleriň hyzmatdaşlygynyň iler tutulýan ugry bolup durýar.
2021-nji ýylyň martynda YHG-niň XIV sammitinde eden çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe ykdysay, söwda, senagat, energetika ulgamlarynda, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmekligi strategiki ugurlar hökmünde kesgitledi.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.