Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligi köçelerde we jemgyýetçilik ýerlerinde örtük dakynmagy maslahat berýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligi köçelerde we jemgyýetçilik ýerlerinde örtük dakynmagy maslahat berýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan 21 göterim artmagy bilen baglanyşykly häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin, köçelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde bolýan wagtyňyz agyz-burun örtüklerini ulanmagy maslahat berýär.

Şol bir wagtda birek-birekden howpsuz aradaşlykda — 1 metrden az bolmadyk aralykda durmaly, şeýle hem şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygyny berjaý etmeli.

Mundan başga-da, 13-nji iýuldan Aşgabatda sanitar-öňüni alyş çäreleri üçin «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi we «Altyn asyr» Gündogar bazary ýapyldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993