TNGIZT-de suwuklandyrylan gazyň önümçiligi artýar
15:28 07.07.2021 18479
Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda suwuklandyrylan gazyň önümçiligi düýpli artdyrylýar.
2021-nji ýylyň başyndan bäri kärhanada ýokary hilli suwuklandyrylan gazyň 74 müň 383 tonnasy öndürildi. Bu bellenilen meýilnamadan 8 müň 585 tonna artykdyr.
«Dostluk» ýatagyny bilelikde özleşdirmek hakynda Ylalaşygy taýýarlamakda öňegidişlik gazanyldy — Türkmenistanyň DIM-i
27-nji ýanwarda «Hazar deňizdäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny işläp taýýarlamak we ylalaşmak boýunça Bilelikdäki Iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz”, “Türkmennebit” DK-laryň gurluş düzümini kämilleşdirmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy
20-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Nowruz güni bilen gutlady
“Eziz watandaşlar! Sizi ýurdumyzda şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkyna gutlagynda aýdylýar.
Gahryman Arkadagymyz Aşgabatdaky halkara forumda TOPH taslamasynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti barada aýtdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy martda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatynda eden çykyşynda TOPH taslamasynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti barada aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz we Türkiýäniň wekilleri energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini bellediler
19-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň hem-de “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň arasynda geçirilen duşuşykda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleri bellenilip geçildi diýip, TDH habar berýär.