Gazlift usulynyň hasabyna «gara altynyň» çykarylyşy artýar
15:24 09.07.2021 7186
«Hazar» gazkompressor desgasynyň hünärmenleri gazlift usuly bilen hereket edýän nebit guýularyna gazy taýýarlamak we ibermek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar.
«Türkmennebit» DK-nyň düzüminde gazy çygnamak we ibermek boýunça müdirligiň garamagynda bolan bu desgada 2021-nji ýylyň 6 aýynda guýulara 362 million 647 müň kub metr tebigy gaz taýýarlanyldy we iberildi.
Netijede, ýylyň başyndan bäri hazarýaka känlerinden çykarylan nebitiň möçberi 24 müň tonna ýetdi.
«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar
Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.
Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar
Sişenbe güni Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär
«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady
29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.