Serdar Berdimuhamedow Tokioda Ýaponiýanyň Hökümet agzalary bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
10:48 27.07.2021 8388
XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Türkmenistanyň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedow Tokioda Ýaponiýanyň Hökümet ýolbaşçylary we işewür toparlarynyň wekilleri bilen özara gatnaşygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy.
Saparyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň Başlyklary Serdar Berdimuhamedowyň we Hiroýuki Subaýyň hem duşuşygy geçirildi, oňa şeýle-de Ýaponiýanyň işewürler toparlarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Olaryň arasynda «Itochu Corporation», «Mitsubishi Corporation», «Sumitomo Corporation», «Sojitz Corporation», «Marubeni Corporation», «Komatsu Ltd» we «Kawasaki Heavy Industries» kompaniýalarynyň wekilleri bardy.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de onuň berk syýasy erkiň, ykdysady mümkinçilikleriň we taraplaryň özara düşünişmekleriniň netijesinde yzygiderli ösdürilýändigini nygtadylar. Energetika, mineral serişdeleriň çykarylmagy, himiýa senagaty, ulag, agrosenagat toplumy we beýleki ugurlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy.
Şu nukdaýnazardan, ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilen taslamalar, hususan-da, Maryda ammiak we karbamid öndürýän zawodyň, Gyýanlyda polietilen hem-de polipropilen öndürýän toplumyň, Garabogazda karbamid dökünlerini öndürýän zawodyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin (GTG) öndürýän zawodyň gurlup işe girizilmegi mysal getirildi.
Taraplar şonuň ýaly-da ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda geljekde taraplaryň ikisi tarapyndan hem Orta we Ýakyn Gündogar sebitleri, Hazar, Gara we Ortaýer deňizleriniň basseýnleri bilen ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde işjeň ulanylyp bilinjek häzirki zaman senagat-tehnologiýa infrastrukturasynyň döredilmeginiň meseleleri bilen bir hatarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň strategiki ugurlaryna hem aýratyn üns berdiler.
Taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň geljekde hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny beýan etdiler. Gepleşikleriň jemleri boýunça bank we maliýe, şeýle-de ulag hem-de ýol tehnikasy ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kiýoşi Ejima bilen duşuşygynda taraplar hususan-da «Infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasynda» beýan edilen ylalaşyklara laýyklykda iki ýurduň arasyndaky özara hereketleriň ösüşini seljerdiler. Maliýe aýratynlyklarynyň nazarda tutulmagy bilen ulag ulgamyndaky bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň depginine hem seredilip geçildi. Energetika hem-de senagat ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň barşynda «ýaşyl energetika» ulgamynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Türkmenistanyň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak babatynda Ýaponiýanyň tejribesini özleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Taraplar özara gyzyklanma bar bolan ulgamlaryň ählisi boýunça işjeň hyzmatdaşlygyň dowamly alnyp baryljakdygyna ynam bildirdiler.
Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga bilen duşuşygynda taraplar şu duşuşygyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, onuň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähmiýetli meseleleri dogrusynda pikirleriň alyşylmagy üçin mümkinçilikleriň döredilendigini belläp geçdiler.
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň wekilleriniň yzygiderli özara hereketletiniň netijeliligini bellemek bilen, taraplar gaz, himiýa, ulag we oba hojalygy ýaly pudaklarda anyk taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ugurlaryň giň toplumy boýunça gatnaşyklaryň ileri tutulýan ulgamlaryny kesgitlediler. Şeýlelikde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň zerurlygyny hem aýratyn belläp geçdiler.
Ýaponiýanyň resmi wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýapon tarapyny gurluşygy «Sumitomo Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasy tarapyndan alnyp barylan Türkmenistanyň Lebap welaýatynda täze gurlup ulanmaga beriljek gazturbinaly elektrik bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito tarapyndan kabul edildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara hereketleriň ähli ugurlary babatynda türkmen-ýapon gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
«Awazada» geçirilen maslahatda Hazar sebitiniň döwletleriniň dürli ugurlarda özara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi” atly ylmy-amaly maslahatda Hazar sebitiniň döwletleriniň mundan beýläkki özara gatnaşyklary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.
Türkmenistan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar — DIM-niň ýolbaşçysy
Türkmenistan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly maslahatda eden çykyşynda belledi.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.