Hormatly Prezidentimiz dünýäniň iri gaz ýatagynda gaz guýularynyň gurluşygyna badalga berdi
15:01 24.08.2021 8062
Düýn, 23-nji awgustda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky «Galkynyş» gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyna badalga bermek mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi, resminama laýyklykda «Türkmengaz» döwlet konsernine aýratyn çylşyrymly guýularyň üçüsiniň gurluşygyna badalga bermek hem-de ulanmaga tabşyrmak barada «СNPС Сhuanqing Drilling Engineering Сompany Limited» (HHR) kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Olaryň her biriniň gije-gündiziň dowamynda ortaça tebigy gazyň 3 million kubmetrine golaýyny bermegine garaşylýar. Taslamanyň möhleti 30 aý bolup, 2007-nji ýylda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, kompaniýanyň hyzmatlarynyň tölegi tebigy gazy üç ýylyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasyna ibermegiň hasabyna amala aşyrylar.
Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylary ýurdumyzyň gaz pudagy üçin möhüm bolan waka — «Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň gurlup başlanmagy bilen gutlap, ýene-de bir şanly waka — Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen üstünlikli ösýän strategik hyzmatdaşlygynyň berkeýändigine ünsi çekdi.
Maslahatyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen, «Internasional Ltd» Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Çen Huaýlu çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda gazanylan üstünlikler, Ýolöten etrabyndaky «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky gaz guýularynyň ähmiýeti bilen tanyşdyrýan wideofilme uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.
Soňra «Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmeni teleköpri arkaly hormatly Prezidentimizden «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky gaz guýusynyň buraw işlerine ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda «Galkynyş» gaz käniniň gaz guýusynda buraw işlerine ak pata berip, ýörite taýýarlanylan düwmäni basýar.
Şeýlelikde, maslahata gatnaşyjylar «Galkynyş» gaz käninde gaz guýusyndaky buraw işleriniň dabaraly başlanyşyna uly ruhubelentlik bilen teleköpri arkaly syn etdiler.
Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolup, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň sazlaşykly depginlerini üpjün etmekde onuň ähmiýeti örän uludyr.
BMG tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibini» üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şerti hökmünde energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny döretmäge gönükdirilip, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Rezolýusiýalar olaryň derwaýyslygyny tassyklaýar.
Türkmenistan ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolmak bilen, ekologiýa taýdan arassa ýangyjy dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly düzümini döredýär. Pudagyň çig mal binýadyny berkitmek, täze ýataklary, şol sanda Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda, Amyderýa sebitinde, Merkezi Garagumda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmek boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär.
Dünýäde iri «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi bu ugurda giň gerimli taslamalaryň biri boldy. Onuň gorlary Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikde 27 trillion kubmetre golaý möçberde kesgitlendi.
Bu ägirt uly gaz käni açylandan soň Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny ynamly eýeleýär.
Bu ýerde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan iki müňünji ýyllarda gözleg-barlag işlerine başlandy. Şunda uglewodorod çig malynyň senagat akymlaryny beren guýularyň her biri dürli çuňluklarda ýerleşen önümli gatlaklaryň birnäçesini öz içine alýardy.
2009-njy ýylyň dekabrynda «Türkmengaz» döwlet konserni «CNPC Chuanqing Drilling Engineering Company Limited» (HHR), «Gulf Oil & Gas Fze» we «Petrofac International (UAE) LLC» (BAE) kompaniýalary hem-de «LG International Cоrp.» we «Hyundai Engineering Co. Ltd» (Günorta Koreýa) kompaniýalar konsorsiumy bilen «Galkynyş» gaz käninde ulanyş guýularyny we ýerüsti desgalary taslamak we gurmak hakynda şertnamalary baglaşdy.
Şol işleriň depginini çaltlandyrmak üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Çarçuwaly Ylalaşyga laýyklykda, Hytaýyň Döwlet ösüş banky (HDÖB) tarapyndan berlen ABŞ-nyň 8,1 milliard dollary möçberinde karz serişdeleri çekildi. Möhleti 7 we 10 ýyl bolan aýry-aýry karz ylalaşyklary «Türkmengaz» döwlet konserniniň, HDÖB-niň hem-de «PetroChina» kompaniýasynyň arasynda baglaşyldy. Häzir şol karz serişdeleri dolulygyna gaýtaryldy.
«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan gurmagyň birinji tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde guýularyň 22-si, umumy kuwwaty ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kubmetrine deň bolan gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň ikisi guruldy. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen gazy gaýtadan işleýän önümçilikler uglewodorod çig malyny ilkinji taýýarlaýan, gazy arassalaýan we guradýan, uglewodorod kondensatyny durnuklaşdyrýan desgalary, şeýle hem kükürdi külkeleýji we gaplaýjy desgany öz içine alýar. Inžener-kommunikasiýa ulgamlaryny, kuwwaty 75 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny, suw, gaz, energiýa üpjünçilik ulgamlaryny, eltiji ýollary gurmak boýunça işleriň uly möçberi ýerine ýetirildi.
2013-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda şol desgalary işe girizmek boýunça guralan dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin gatnaşdylar. Bu waka Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen üstünlikli ösdürýän strategik hyzmatdaşlygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
«Galkynyş» gaz käninde gazy çykarmak, toplamak, gaýtadan işlemek we ugratmak bilen bagly ähli tehnologik işleriň doly awtomatlaşdyrylyp, dispetçerçilik nokatlarynyň desgalaryň ygtybarly işlemegini we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edýän elektron we beýleki ýörite enjamlar bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.
Käniň çäklerinde wahta usuly bilen işleýän hünärmenleriň ýaşamagy üçin iki sany şäherçe hem guruldy. Olarda adamlaryň oňaýly ýaşamagy, dynç almagy hem-de medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi üçin ähli şertler döredildi.
Häzir meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan ýatagyň ulanyş gaznasynda guýularyň 45-si bolup, olaryň her biriniň önüm berijiligi bir gije-gündizde ortaça gazyň iki million kubmetrine barabardyr.
Şonuň bilen birlikde gaz käniniň demirgazyk-günbatar we günorta-gündogar ugurlarda eýe bolan meýdanynyň çäklerinden daşary çykýanlygynyň uly ähtimallygy bar. Goşmaça maglumatlar alnandan soň «Galkynyş» gaz käniniň gorlarynyň has-da artmagy barada çaklamanyň tassyklanmagyna garaşylýar.
«Galkynyş» gaz käni Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal çeşmeleriniň biri bolup, onda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan döretmek pikiri öz beýanyny tapdy. Bu energetika ulgamy XXI asyryň ägirt uly inženerçilik-tehniki desgalarynyň biri bolmak bilen, onuň taslamasy halkara gatnaşyklarynda hoşniýetli erk-islegiň, netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň özboluşly nusgasyna öwrüldi.
2009-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda işe girizilen gaz geçiriji bir ýylda gazyň 40 milliard kubmetrini akdyrmaga ukyply bolup, onuň üç şahasynyň (A,W we S) geçirijilik ukyby 55 milliard kubmetre barabardyr.
Lebap welaýatynyň «Malaý» gaz ýatagynda täze gazkompressor stansiýasynyň işe girizilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň möhüm wakasyna öwrüldi. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi gözbaşyny şol ýerden alýar.
Kuwwaty ýylda tebigy gazyň 30 milliard kubmetrine deň bolan täze beket iki sehden ybarat. Olaryň birinjisiniň wezipesi «Malaý» ýatagyny doly özleşdirmek bolup durýar. Ikinji seh «Galkynyş» we «Döwletabat» ýataklarynyň gazyny ýokary basyş bilen Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisine akdyrmak üçin niýetlenendir.
Bu çäre dünýäniň energetika döwleti bolan Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwatyny amala aşyrmak baradaky meseleleri çözmäge netijeli çemeleşýändigini görkezýär. Dürli ugurlarda baý tejribesi hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary bolan dünýäniň onlarça döwletleri, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak bilen, Türkmenistan özüni jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanatdy. Bu gün nebitgaz toplumynda çözülýän wezipeleriň gerimi uly ykdysady bähbidiň şertlerinde degişli ugurda giň halkara hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleri açýar.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» sergisi: innowasiýalar we hyzmatdaşlyk
26-njy oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» diňe bir XXVII Halkara maslahaty däl, eýsem, üç günlük adybir Halkara sergisi hem geçiriler diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.
Ýewropada gazyň kub metriniň bahasy taryhda ilkinji gezek 1000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň kub metriniň bahasy taryhda ilkinji gezek 1000 dollardan geçsi. Bu barada çarşenbe güni RIA Nowosti agentligi ICE Futures-iň söwdalaryna salgylanyp habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyň direktory bilen duşuşdy
Sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Yug-Neftegaz Private Limited» (Singapur) kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiýni kabul etdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan telekeçiler «Türkmennebit» DK-nyň awtobenzinini satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.
«Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylarynyň zähmet üstünlikleri
Häzirki wagtda Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary 45 sany ulanyş guýusyndan tebigy gazyň çykarylyşyny üstünlikli amala aşyrýarlar.