Türkmenistanda ýokanç keselleriň ýaýramgynyň öňüni almak üçin edaralarda çeýe iş tertibini girizmek maslahat berilýär
14:57 01.09.2021 7924
Dünýädäki häzirki epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly möwsümleýin wirus ýokançlygynyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdna goramak ministrligi ýurduň ähli guramalaryna, eýeçilik görnüşine garamazdan ähli edaralaryna wagtlaýynça işgärleriň çeýe iş wagty geçmegi maslahat berýär.
Maslahat berilýän iş wagty baradaky resminama sişenbe güni ähli ministrliklere we pudaklaýyn edaralara, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimliklerine, jemgyýetçilik guramalaryna, şeýle hem ýurtda işleýän edara görnüşli taraplara ýollandy diýip, ORIENT habar berýär.
Resminamada bellenilip geçilişine görä, Türkmenistanyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek baradaky adatdan daşary toparyň 29-njy awgustda geçiren mejlisinde kabul edilen çözgütler esasynda täze giriziljek düzgünler öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Işgär sany 100 adamdan az bolan edaralarda we guramalarda adamlaryň üýşmeginiň öňüni almak maksadi bilen topar tarapyndan işgärleriň bir bölegini irden sagat 08:00-dan 17:00-a çenli, ikinji bölegine bolsa 09:00-dan 18:00-a çenli aralygynda guramak bellenildi.
Işgär sany 100 adamdan köp bolan edaralarda we guramalarda işgärleriň 30 göterimi iş ýerinde sagat irden 08:00-dan 17:00-a çenli, 40 göterimi sagat 09:00-dan 18:00-a çenli, galan 30 göteirmi sagat 10:00-dan agşam 19:00-a çenli bolmagyny guramak göz öňünde tutuldy.
Täze iş tertibi kärhanada iş guramagyň aýratynlyklaryna baglylykda iş berijiniň islegi boýunça üýtgedilip bilner we iş gününiň başlamagy we gutarmagy üçin ýokardaky takmynan çeýe tertibi diňe hepdelik 40 sagat we 8 sagatlyk gündelik iş günli işgärlere degişlidir.
Iş meýilnamasyna üýtgetmeler girizmezden ozal, guramalaryň ýolbaşçylary işgärleriniň pikirini göz öňünde tutmaly we kärdeşler arkalaşygy guramasy bilen gutarnykly karara gelmelidir.
Türkmenistan we Katar energetika, maýa goýumlar we ulag ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hasaplaýar
16-njy martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Katar Döwletiniň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşygynda syýasy diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmennebit» DK-nyň başlygynyň orunbasaryny wezipesinden boşatdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mämmedow Toýgeldi Baýrammyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň DIM-i Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan saýty işe girizdi
2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň Daşary işler ministrligi ýörite web sahypasyny işe girizdi.
«Türkmengeologiýa» DK 3D modelirleme üçin enjamlary satyn almagy meýilleşdirýär
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy seýsmiki barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, 3D ölçegli geofiziki enjamlar toplumyny satyn almagy meýilleşdirýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtly we ýerli işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.