Gurbanguly Berdimuhamedow: nebitgaz pudagy Türkmenistanyň ykdysady garaşsyzlygyny berkitmekde esasy binýadymyz bolup durýar

10:36 03.09.2021 18921

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2843/original-16130a44002f96.jpeg

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ykdysady garaşsyzlygymyzy berkitmegiň, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, kuwwatly, köpugurly önümçilik pudaklaryny döretmegiň esasy binýady bolup durýar. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagynda belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ýerasty tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biri bolup, «mawy ýangyjyň» gory boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär.

Pudagyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, sanly tehnologiýalaryň, şol sanda 3D modelirleme usullarynyň ulanylmagy nebit we gaz ýataklarynda gözleg işleriniň netijeli bolmagyny üpjün edýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen hem-de uly isleg bildirilýän nebit önümleri dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýär.

Asyryň iri taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär. Bu işleriň ählisi ata Watanymyzyň kuwwatly energetika döwleti hökmünde dünýädäki ornuny has-da berkidýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Häzirki döwürde ylmyň iň täze gazananlary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iri senagat toplumlary gurulýar. Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümleri dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Türkmenistanda tebigy gazdan sintetik ýangyjy öndürmekde dünýäde ilkinji uly möçberli taslama durmuşa geçirildi.

Ahal welaýatyndaky bu zawodda ekologiýa taýdan arassa, Euro-5 standartyna laýyk gelýän EKO-93 benzini öndürilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrýar, köp möçberde girdeji getirýär – diýip Prezident belledi.

Başga makalalar
164e09e155e53f.jpg
«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar

Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.


161b99cf32f319.jpeg
Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar

Sişenbe güni Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161b99c99a4f0e.jpeg
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.


16864f036552e3.jpg
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär

«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.


1686297c52240a.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.