Hökümet topary Türkmenistanyň BSG agza bolmagy bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy
21:06 16.10.2021 14416
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisinde Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirmeginiň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy diýip Türkmenistanyň daşary syýsat edarasynyň saýty habar berýär.
Wideokonferensiýanyň barşynda taraplar Hökümet toparynyň gün tertibiniň ähli bentlerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistanyň daşary söwda şertleri boýunça Ähtnamany taýýarlamak boýunça 2021-2022-nji ýyllar üçin iş Meýilnamasyny tassyklamaklyk baradaky meselä seredip geçdiler.
Şeýle hem Hökümet toparynyň agzalary 2021-nji ýylyň 30-njy noýabry 3-nji dekabry aralygynda Ženewada geçiriljek BSG-niň XII Ministrleriň maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň BSG-nyň işine synçy hökmünde gatnaşmagy boýunça meselesini jikme-jik öwrendiler.
Mejlisiň dowamynda türkmen tarapy ýurdumyzyň BSG-na doly hukukly agza bolmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary bilen tassyklanylan 2021-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary söwda strategiýasynda göz öňünde tutulandygyny nygtady.
«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar
Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.
Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar
Sişenbe güni Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär
«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady
29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.