Türkmenistan Bişkekde geçirilýän Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa birinji Ykdysady forumyna gatnaşýar
15:50 07.11.2021 12941
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa birinji Ykdysady forumyna gatnaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Degişli resminama döwlet Baştutany söwda toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda gol çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň noýabr aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürleriniň maslahatyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysyna ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça edaranyň öňünde durýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmegi tabşyrdy.
«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar
Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.
Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar
Sişenbe güni Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär
«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady
29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.