Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň on aýda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy
10:27 09.11.2021 6026
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we hödürlenen resminamalara seredildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa söz berip, şol bir wagtyň özünde Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowy, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewi, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýewi hem-de Baş prokuror B.Atdaýewi sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyga çagyrdy.
Wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebit we gaz kondensatyny çykarmak hem-de nebiti gaýtadan işlemek ulgamyndaky önümçilik görkezijileri barada habar berildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 107 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 107,4 göterim, maýa goýumlary maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça meýilnama 101,8 göterim ýerine ýetirildi.
Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 122,8 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 134,7 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu görkezijiler boýunça ösüş depgini, degişlilikde, 123,9 göterim hem-de 139,6 göterim üpjün edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ähli senagat düzümleriniň ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmagyň, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň wajypdygyny nygtady.
Türkmen Lideri uglewodorod çig malyndan öndürilýän, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini köpeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, şu maksatlar bilen, ýangyç-energetika toplumynyň gaýtadan işleýän ulgamynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin käýinç yglan etdi.
Türkmen Lideri wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Döwlet Baştutany Baş prokuror B.Atdaýewe ýüzlenip hem-de nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işine prokuror gözegçiligini gowşadandygyny aýdyp, oňa wezipe borçlaryny ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar
Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.
Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar
Sişenbe güni Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär
«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady
29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.