«Türkmengaz» DK Auguste International Fze kompaniýasyndan enjamlary satyn alar
11:05 18.11.2021 7574
«Türkmengaz» döwlet konserni «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň gaz çykarýan beketlerindäki desgalary döwrebaplaşdyrmak üçin Auguste International Fze (BAE) kompaniýasyndan tehniki serişdeleri — enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar.
Degişli şertnamany baglaşmaga rugsat berýän resminama Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Bu resminamanyň taslamasyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow döwlet Baştutanynyň garamagyna berdi.
Nebitgaz senagatynyň netijeli we durnukly işlemegini üpjün etmek önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tehnikalary we enjamlary täzelemek, netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gös-göni baglydyr, şol maksat üçin her ýyl uly möçberde maýa serişdeleri goýberilýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutany “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda” Karary makullap we oňa gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de oňa birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Türkmenistan we Gazagystan nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
3-nji fewralda Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Bloomberg: Saud Arabystany Aziýa üçin nebitiň bahalaryny ýokarlandyryp biler
Treýderleriň indiki aýda spot bahalaryň peselmegine garaşýandygyna garamazdan, Saud Arabystany Aziýa üçin nebitiniň bahalaryny sentýabrda ýokarlandyrar. Bu barada Praým agentligi Bloomberge salgylanyp habar berýär. Geljek aýlar nebit bazary üçin aýgytly bolup biler diýip, treýderler hasaplaýar.
Birinji ýarym ýylda Türkmenistanyň NGIZ-leri nebitiň gaýtadan işlenilişini 2,6 mln tonna çenli artdyrdy
Türkmenistanda birinji ýarym ýylda 2 mln 628 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Şu döwürde ýurduň NGIZ 2 mln 630 müň tonna çig nebit iberildi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti çarşenbe güni belleýär.
Türkmenistan YHG bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça başlangyçlaryny beýan etdi
3-nji fewralda daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň birinji mejlisine gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE we içerki bazara nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.