22-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaýyň Komunistik partiýasynyň syýasy býurosynyň Hemişelik geňeşiniň agzasy, HHR-niň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Sinhua agentligi HHR-niň DIM-niň resmi wekili Çžao Liszýana salgylanyp habar berdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda hyzmatdaşlyk Geňeşiniň başlygy bolup durýar.