«Lebapgazçykaryş»: ýanwar-noýabr aýlarynda 11 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz we 42,5 müň tonna gaz kondensaty çykaryldy
12:14 19.12.2021 5463
2021-nji ýylyň 11 aýynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirligi boýunça tebigy gazyň çykarylyşy 11 mlrd 293,5 mln kub metre barabar boldy. Bu döwürde 42 müň 566 tonna gaz kondensaty çykaryldy. Şeýlelikde müdirligiň işgärleri hasabat döwri üçin önümçilik meýilnamasyny ýerine ýetirdiler.
Ýatlatsak, dekabryň birinji ýaryynda «Türkmengaz» döwlet konserni Lebap welaýatynda «Agarguýy» täze gaz ýatagyny ulanyşa girizdiler.
Häzirki wagtda «Agarguýy» ýatagyndan her günde 300 müň kub metrden gowrak tebigy gaz Türkmenistan – Hytaý transmilli gaz geçirijisine ugradylýar.
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.
BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi
Düýn günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Bu ýerde resmi wekiliýetler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Baş sekretary bilen söhbetdeşligi boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär
«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.
Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar
Sişenbe güni Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar
Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.