Nebitgaz we ulag — Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary

Nebitgaz we ulag — Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary

Nebitgaz we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Gazagystanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry hökmünde bellenildi. Bu barada Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisinde belledildi. Mejlis 20-nji dekabrda Aşgabatda geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşyk türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ç.Gylyjowyň we gazak tarapyndan – Premýer-ministriň orunbasary R.Sklýaryň başlyklyk etmeginde geçirildi.

Duşuşyga iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilişi, şol sanda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky önjeýli gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy girizildi.

Nebitgaz we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk taraplaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika we ulag-logistika, oba hojalygy, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagat ulgamlaryndaky netijeli gatnaşyklarynyň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy. 

Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň netijeleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi.

Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde şeýle-de iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Önjeýli gepleşikleriň barşynda häzirki hereket edýän sanitar kadalarynyň nazarda tutulmagy bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagy, eksport-import amallarynyň artdyrylmagy hem-de özara üpjün edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň sanynynyň, göwrüminiň giňeldilmegi boýunça ylalaşylan geljekki çäreleriň ýygjam durmuşa geçirilmeginiň zerurlygy beýan edildi.

Nebitgaz №45
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№45

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 10-y

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993