Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
12:03 23.12.2021 9761
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Şu ýylyň 11 aýynda zawodda 464,5 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi, şol bir wagtda meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 110%-e deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 105,3 göterime deň boldy.
Çig malyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde 202,7 müň tonna benzin, 123,4 müň tonna dizel ýangyjy, 22,5 müň tonna mazut, 31,7 müň tonnadan gowrak ýol bitum we isleg bildirilýän beýleki önümler öndürildi we sarp edijilere ýetirildi.
Belläp geçsek, önümleriň aglaba bölegi eksporta iberilýär. Şu ýylda dizel ýangyjyndan peýdalanýanlaryň hataryna Russiýa, Özbegistan, Täjigistan goşuldy. Agyr wakuum gazoýl ýewropa bazarlaryndan üstünlikli peýdalanylýar.
Zawodyň işgärleriniň durmuş-hojalyk şertleri gowulandyrylýar we önümçilik şertleri ýokarlandyrylýar. Häzirki wagtda iki sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Bu diýmek, eýýäm ýakyn wagtda nebitçileriň maşgalalary täze jaýlara göçüp bararlar.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.