Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Serdar Berdimuhamedowy ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgär hödürledi
09:34 16.02.2022 14883
Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow ýakynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryna ilkinji dalaşgär boldy. Onuň dalaşgärligi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň duşenbe güni geçirilen nobatdan daşary IX gurultaýynda öňe sürüldi.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp ýolbaşçylyk we guramaçylyk häsiýetlerini bellediler. Ol agras hem-de islendik meselä seslenip bilýän, oňat hojalykçy we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary bolan adam hökmünde kärdeşleriniň hormatyna mynasyp boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bildirilen ynam üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, onuň örän uly jogapkärçilikdigini hem-de bu ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.
Hökümet Baştutanynyň orunbasary ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, eger, özüniň ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda mundan beýläk hem ata-babalarymyzyň ruhy, mirasyna ýugrulan ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, ähli-ukyp başarnygyny gaýgyrman, Watanymyz, halkymyz üçin, türkmen Lideriniň taryhy başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, tutanýerli we döredijilikli tutumlar bilen beýik maksatlara ýetmek ugrunda zähmet çekjekdigine ynandyrdy.
Meniň ähli aladam, baş maksadym mydama halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döwletimizi täze döwürde ösüşlere we galkynyşlara beslenen ýurda öwürmek ugrundaky tagallalar bolar diýip Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde duran saýlawlarynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli demokratiýamyzyň ýokary mekdebiniň, halk häkimiýetiniň ösdürilmeginiň ýene-de bir hakyky dabaralanmasy boljakdygyna ynam bildirdi.
2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy” tassyklanyldy. Onuň amala aşyrylmagy biziň öňümizde mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen belent maksatlary hem-de wezipeleri goýýar. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow bellenen maksatlary amala aşyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
— Men öz halkyma, onuň belent we mizemez ruhuna, biziň ählimiziň bilelikde barha jebisleşip, mähriban Arkadagymyzyň ynamyny ödäp, eziz Türkmenistany has-da özgertjekdigimize, öz ajaýyp, bagtyýar geljegimizi gurjakdygymyza pugta ynanýaryn — diýip, döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgär aýtdy.
Şeýle hem wise-premýer Demokratik partiýanyň ähli agzalarynyň “Döwlet adam üçindir!” diýen binýatlyk ýörelgä esaslanyp, ägirt uly başlangyçlaryň we işleriň amala aşyrylmagynda goldaw berjekdiklerine ynam bildirdi.
Dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär. Ýakyn wagtda ýokary döwlet wezipesine beýleki dalaşgärleriň atlary hem belli bolar. Bu bolsa Prezident saýlawlarynyň giň bäsdeşlik esasda geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2022-nji ýylyň 14-nji fewralyndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi, şoňa görä-de, milli kanunçylyga laýyklykda, ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek başlandy.
Milli kanunçylyga hem-de halkara tejribä laýyklykda, ähli dalaşgärlere deň hukuklar we saýlawçylar bilen duşuşyklar hem-de olary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalar bilen tanyşdyrmak, wagyz etmek, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz işlerini alyp barmak üçin deň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle çäreleri ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli guramalary, kärhanalaryň, edaralaryň hem-de beýleki düzümleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde guramak saýlaw toparlarynyň üstüne ýüklenilýär.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.