ÇAGALARYŇ DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMI ŞATLYK-ŞOWHUNA BESLENDI
Yurdumyzda durmuşyň gül-gunçasy çagalaryň
tomusky we gyşky dynç alyş möwsüminde wagtyny netijeli geçirmegi üçin ähli
amatly şertler bar. Çagalaryň müňlerçesi ýylyň-ýylyna «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagyndaky we welaýatlarymyzdaky döwrebap merkezlerde talabalaýyk
dynç alýar we saglygyny pugtalan
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany»
ýylynyň gyşky möwsüminde hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mekdep
okuwçylarynyň ýüzlerçesi «Nebitçide» bolup, jülgäniň jümmüşindäki bu sapaly
ýerde dynç aldylar. Merkezde hereket edýän sport, bedeni pugtalandyryş, surat
çekmek, edebiýat we dil, drama,