Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.

Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Gutlagynda nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.

Ýurduň ähli welaýatlarynda esasy býaramçylyk çäreleri Türkmeniň ak öýi binalarynyň töwereginde ýaýbaňlandyryldy.

Türkmen halky toý-dabaralarda at çapyşyklaryna möhüm ähmiýet berýär. Birnäçe halkara bäsleşikleriň ýeňijisi, abraýly baýraklaryň eýesi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylar üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

Bu ýerde türkmen halkynyň gadymdan gelýän halk senetçilik däpleri görkezilýär. Ak öýleriň ýanynda ajaýyp el işlerini döredýän zenanlary we meşhur artistleri görmek bolýar. Halylaryň, dokma önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi edebi-sazly çykyş bilen sazlaşykly utgaşdy.

Serginiň “Nowruz aşhanasy” bölüminde desterhanlar giňden ýazylyp, olar milli tagamlar, dürli ir-iýmişler bilen bezeldi. Ussat aşpezler tagamlaryň taýýarlanyş usullarynyň aýratynlyklaryny görkezdiler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993