Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara

07:37 29.03.2022 512

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/4256/original-1624270be1ac34.jpeg

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly myhmanlar!

Eziz watandaşlar!

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giň gerim bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň ähmiýeti uludyr. Milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça eziz Diýarymyzda giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Bu halkara maslahat daşary ýurt işewürlerine ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmasy, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan özgertmeleriň giň gerimi hem-de dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen şertlendirilendir. Gyzyklanma bildirýänleriň ählisine, hususan-da, işewürlere enjamlary, häzirki zaman tehnologiýalaryny ibermek we hyzmatlary etmek babatda teklipleri bermäge hem-de türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlarydyr mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga we gepleşikleri geçirmäge ähli zerur şertleri döredýäris.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistanda dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän gazhimiýa toplumlarynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu gün ýurdumyz energiýa serişdelerini diňe bir öndürmek ýa-da daşary ýurtlara ibermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gazhimiýa önümleriniň eksportynyň möçberlerini hem barha artdyrýar.

Türkmen nebitçileriniň, gazçylarynyň we geologlarynyň yhlasly zähmeti netijesinde uglewodorod serişdeleriniň çig mal ýataklaryny gözlemek, agtarmak, tapmak, täze tehnologiýalar esasynda guýulary çuň burawlamak we özleşdirmek, ylmyň soňky gazananlaryna laýyk gelýän önümçiligi ýola goýmak bilen, täze önümleri öndürmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Energetika pudagynda däp bolan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak bilen bir hatarda, ýurdumyz Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta — Gündogar ugurlary boýunça energetika hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Biz öz tebigy baýlyklarymyzy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň bähbidine gönükdirýäris.

Ýurdumyzyň nebitgazly ýataklaryny daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly çalt depginler bilen özleşdirmek boýunça hem döwletimiz tarapyndan zerur işler geçirilýär. Täze ojaklary açmak, açylan täze känleriň çägini giňeltmek we işlenip geçilýän känlerde täze gatlaklary açmak, guýulary gazmak ýaly işler maýa goýum çekmek arkaly daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde alnyp barylýar. Bu babatda biz kanunçylyk, maliýe-ykdysady taýdan zerur bolan amatly şertleri döredýäris.

Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk işleri batly depginde alnyp barylýar. Bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir oňa gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ösüşine hem oňaýly täsirini ýetirer.

Türkmenistan halkara giňişlikde ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Şonuň bilen baglylykda, bu halkara onlaýn foruma köp sanly abraýly daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşyp, türkmen hünärmenleri bilen ýyllarboýy toplanylan tejribelerini paýlaşmagy hyzmatdaşlygyň täze ugurlary barada pikir alyşmaga mümkinçilik berer.

Bu halkara onlaýn forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen bilelikde daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Gadyrly dostlar!

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň öz işine başlamagy bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş hem-de Watanymyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Başga makalalar
16010fa1716613.jpeg
«Nebitdag» BIM: buraw işleri öňdebaryjy depginde

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar. 2020-nji ýylyň jemleri boýunça buraw işleriniň meýilnamasy 121% ýerine ýetirildi.


16047045a403cb.jpeg
Turbageçirijileriň gurluşyk işlerini optimizirlemek üçin innowasion tehnologiýa

Uniwersitetimizde işlenip düzülen robot nebitgaz geçirijileriniň, ýangyç-energetika pudagynyň turbageçirijileriniň we beýleki halk hojalyk önümçiliginiň turbagurluşyk işlerini kämilleşdirmek, optimizirlemek, tizlik we hil häsiýetnamasyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanmakda oňat netijeliligi berer diýip tama edýäris.


16163f0a046db2.jpeg
Dokuz aýyň jemlerine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy.


161c026f9c56be.jpeg
Uçar kerosini — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.


162503bb625cc5.jpeg
Wladimir Putin: bilelikdäki tagallalarymyz arkaly rus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün ederis

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.