Gazçylaryň netijeli işi

Gazçylaryň netijeli işi

Şu günlerde «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda ýerleşen gaz hojalyk edaralarynyň hünärmenleri we işgärleri netijeli iş görkezýärler.

Häzirki wagtda sarp edijileri tebigy gaz bilen durnukly üpjün etmek bilen bir hatarda, gazçylar zerur bolan böleklerde, şeýle hem hereket edýän gaz geçirijileriniň kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin meýilnamalaýyn çäreleri geçirýärler.

Daşky gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlara gözegçilik boýunça gulluklaryň hünärmenleriniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Daşoguz welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça müdirliginiň gurluşyk-gurnama hünärmenleri bilen bilelikde amala aşyrýarn işleri ýokary netijeliligi görkezýär.

Dört aýda Gurbansoltan eje etrabynda 219 mm diametrli gaz geçirijileriniň düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Bu bolsa onuň geçirijilik kuwwatyny artdyrmaga ýardam etdi. Belläp geçsek, gazçylaryň hyzmat çäginde 24 müň 670 töweregi hojalyk bar. Mundan başga-da, müdirligiň hünärmenleri we işgärleri dürli diametrli gaz geçirijileriniň 1220 kilometrine, şeýle hem 520 sany gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy desgalara gözegçilik hyzmat işlerini amala aşyrýarlar. 

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993