Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleri ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleri ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy

23-nji maýda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde netijeliligi ýokarlandyrmak we tanymallygy artdyrmak boýunça geçirilen mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň, öňi bilen energetika, ulag we üstaşyr ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslajatlaşdylar.

W.Hajiýew iki ýurduň arasynda sebitleýin integrasiýasy nukdaýnazaryndan hem özara söwdanyň we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtady.

M.Safari ähmiýeti has hem ösýän EYR-nyň Demirgazyk-Günorta ugry boýunça ýük daşamalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň hem-de nebit, gaz we elektroenergiýa, üstaşyr geçelgeleri pudaklarynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993