Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryna Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamalaryny taýýarlamak tabşyryldy.
«Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we «Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramaga we olary 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi» diýlip Kararda aýdylýar.
Şeýle hem resminama laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ýokarda görkezilen taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ibermek bellenildi.
Şeýle hem bu taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi.