Geçen hepdede Tähranda geçirilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejedäki iş toparynyň dördünji mejlisinde Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän altyjy Hazar sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada şenbe güni Gazagystanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
«Taraplar Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän altynjy Hazar sammitine taýýarlyk bilen bagly meseleleri maslahatlaşdylar, şeýle hem Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşdylar» - diýlip habarda aýdylýar.
Tähranda geçirilen mejlisde şeýle hem Hazar deňzinde göni başlangyç ugurlary ýola goýmakda usulyýetler hakynda ylalaşygyň taslamasy maslahatlaşyldy. Bu taslamany ylalaşmaklyk dowam eder.
Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejedäki iş toparynyň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler. Mejlisiň möhletleri diplomatik kanallar arkaly kesgitleniler.
Bäşinji Hazar sammiti 2018-nji ýylyň awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirildi.