Gaýtadan ulanyşa girizilýän guýular «gara altynyň» goşmaça tonnalaryny berýär

Gaýtadan ulanyşa girizilýän guýular «gara altynyň» goşmaça tonnalaryny berýär

Şu günlerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň guýulary düýpli abatlamak boýunça müdirligi iş depginini barha artdyrýar. Muňa öndürijiligini peselden ýa-da asla bes eden guýulary abatlamak we ulanyşa girizmek boýunça şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň dört aýynda müdirligiň işjeň düzümleri 26,3 müň tonna derek goşmaça 42,3 müň tonna «gara altyn» çykardylar. Şeýle hem geçen döwürde trest boýunça 219 sany guýuda abatlaýyş işleri geçirilip, şolaryň 175 sanysy ulanyşa girizildi. Bu görkezijiler meýilleşdirileninden 30 guýy artykdyr.

Guýulary düýpli abatlamak boýunça Gamyşlyja, Barsagelmez, Goturdepe müdirlikleriniň işini aýratyn belläp geçmeli. Guýulary abatlamak boýunça Gamyşlyja müdirligi boýunça goşmaça 2 müň tonnadan gowrak «gara altyn» çykaryldy.

Döwletiň goldaw bermegi netijesinde konserniň esasy hem goşmaça kärhanalary Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Hytaýyň, Russiýa Federasiýasynyň kuwwatly ýöriteleşdirilen tehniki ddesgalary bilen üpjün edilýär.

Belläp geçsek, döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde hasabat döwründe trest boýunça gaýtadan işe girizilen guýulardan alnan «mawy ýangyjyň» möçberi 11,3 mln kub metre deň boldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993