Ýewropanyň täze çäklendirmeleriniň mümkinliginiň çäginde nebit gymmatlaýar, Brent-iň bahasy 123 dollardan geçdi

Ýewropanyň täze çäklendirmeleriniň mümkinliginiň çäginde nebit gymmatlaýar, Brent-iň bahasy 123 dollardan geçdi

Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň liderleriniň rus nebitine bölekleýin gadaganlyk girizmek hakynda ylalaşandyklary baradaky habardan soň, sişenbe güni nebitiň bahalary ýokarlanýar diýip, Interfaks habar berýär.

Brent nebitiniň iýul aýyndaky fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda sişenbe güni 1,36% gymmatlap, 123,32 dollara deň boldy. Iýul şertnamalary boýunça söwdalar sişenbe güni tamamlanýar, has işjeň bolan awgust fýuçersleri bolsa 1,53% gymmatlap, 119,40 dollara deň. Duşenbe güni söwdalaryň netijesinde iýul şertnamalary 2,23 dollar gymmatlap – 119,43 dollara ýetdi.

WTI fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkuň haryt biržasynda 3,12% gymmatlap, 118,66 dollara ýetdi. Anna güni bu şertnamalaryň bahasy 0,9% ýokarlanyp, 115,07 dollara bardy. Duşenbe güni söwdalar ABŞ-da baýramçylyk zerarly geçirilmedi.

Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlary RF-den getirilýän nebitiň üçden iki bölegine gadaganlyk girizmegi ylalaşdylar diýip, Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel belledi.

«ÝB-de rus nebitiniň importyna gazaganlyk girizmäge ylalaşyk bar. Bu gadaganlyk import edilýän rus nebitiniň bada-bat üçden iki bölegine degişli bolar» - diýip, ol twitter sahypasynda belledi.

Doly däl-de, bölekleýin gadaganlyk girizmek karary kompromis karar boldy, çünki rus nebitiniň importyna güýçli bagly bolan Wengriýa oňa garşy çykdy. Öň JPMorgan-yň analitikleriniň ýazmagyna görä, RF-niň nebitinden doly el çekmeklik onuň bahasyny 185 dollara çenli çykaryp biler.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993