Ýel parklarynyň generasiýasynyň şowsuzlygy, şeýle hem Niderlandlaryň we Daniýanyň rus gazyna töleg geçmeginiň täze düzgüninden ýüz öwürmegi we ony sarp edijilerine ibermegini bes etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy 1000 kub metrine 1000 dollardan geçdi diýip, Interfaks habar berýär.
ICE Futures biržasynda TTF indeksiniň ýakyndaky (eýýäm iýuldaky) fýuçersi sişenbe güni irden müň kub metrine 1046 dollardan geçdi. ÝB-de gazyň spotlaýy bahasy 7-nji maýdan bäri 1000 dollardan aşak saklanýardy, emma Daniýa bilen Niderlandlaryň bu karary, şeýle hem ÝB-niň rus nebitine gadaganlygy bahalaryň ösümegi üçin täze esas berdi.
Gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden elektrik energiýasynyň işläp çykarmak bilen bagly ýagdaýlar Ýewropada duşenbe güni ýaramazlaşdy. Ýel energetiki desgalaryň kuwwatlyklary 30-njy maýda ÝB boýunça bary-ýogy 5,6% energo deňagramlylygy üpjün etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň dekabrynyň ahyryndan bäri iň pes görkezijidir. Muňa WindEurope assosiasiýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär.
Çaklalanylmagyna görä, şu hepdede gijä galan ýazyň sowuk günleri tamamlanar, güneşli hem az şemally günler geler. Bu bolsa gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň hasabyna elektrik energiýasynyň işlenip çykarylyşynyň azaldylmagyna we gazyp ulanylyşynyň artmagyna, şeýle hem howalandyrmak üçin energiýa sarp edilişiniň artmagyna getirer.