Türkmenistanyň Prezidenti Mekgede umra hajyny berjaý etdi
20:03 02.06.2022 14099
Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapar bilen bardy. Döwlet Baştutanynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyp, daşary ýurda ilkinji saparynyň yslam dünýäsinde keramatly saýylýan mukaddes ýerlere amala aşyrylýandygy bellärliklidir.
Serdar Berdimuhamedow bilen bir uçarda, keramatly topraga zyýarat etmek üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň hem gidendigini bellemeli.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň din wekilleriniň ugratmagynda Al-Haram metjidine bardy. Mukaddes Al-Haram metjidiniň ýanynda döwlet Baştutanymyz we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary öýle namazyny (Mültezem) okadylar. Şondan soňra Arkadagly Serdar we türkmen zyýaratçylary umra haj üçin ähli dessurlary ýerine ýetirip başladylar.
Saud Arabystany Patyşalygynyň ýörite din wekili türkmen zyýaratçylaryna dessuryň aýratynlyklary barada gürrüň berýär. Soňra olar bu ýerde okamaly dogany gaýtalaýarlar. Bu dessur tamamlanandan soňra, Prezident we ýanyndaky adamlar iki rekagat nepil namazyny okadylar.
Iýun aýynyň 1-inden 2-sine geçilýän gijede hormatly Prezidentimiziň zyýaratynyň çäklerinde mukaddes Käbäniň — Allatagalanyň öýüniň keramatly örtügi serpilip, mübärek gapylary açyldy we onuň içinde namaz okamak üçin ýörite mümkinçilik döredildi. Munuň özi hajy Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, umuman, tutuş türkmen halkyna çuňňur hormat-sarpanyň nyşany boldy.
Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň maý aýynda mukaddes Käbä zyýaraty wagtynda hajy Arkadagymyza hem şeýle belent hormat bildirilip, teperrik gowşurylypdy. Ine, bu gün bolsa Arkadagly Serdarymyza mukaddes Käbeden keramatly nyşan hasaplanýan teperrik gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz munuň üçin minnetdarlyk bildirip, bu teperrigi Türkmenistana we zähmetsöýer türkmen halkyna bildirilen çäksiz hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Soňra döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow mukaddes Käbäniň daşyna çykyp, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, nurana geljeginiň, Watanymyzyň berkararlygynyň, abadançylygynyň, ählumumy parahatçylygyň we hajy Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaç almagynyň bähbidine ýagşy dilegleri etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary dowam edýär.
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.
Türkmenistan birinji ýarym ýyllykda Azerbaýjana benzin ibermekde ikinji orny eýeledi
Azerbaýjan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 36 müň 571 tonna AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi diýip, angy.ru nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary zähmet borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary şu ýylyň ýedi aýy boýunça ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Hasabat döwründe müdirlik boýunça tebigy gazyň önümçiligi 7 mlrd 214,6 mln kub metre barabar boldy, meýilnama 127% ýerine ýetirildi.
Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.