Bäş aýda TNGIZT-de önümçilik meýilnamasy 110,4% ýerine ýetirildi

16:03 05.07.2022 9492

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/4991/original-162c3df0b7ba1a.jpeg

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 2022-nji ýylyň ilkinji bäş aýy ýokary önümçilik-ykdysady görkezijiler bilen tamamlandy. TNGIZT-de çig nebitiň gaýtadan işleniş möçberi hasabat döwründe 1 mln 878 müň tonnadan gowrak boldy, şol bir wagtda meýilnama 110,4% ýerine ýetirildi.

Hususan-da, hasabat döwründe awtobenzin öndürmek boýunça meýilnama 130%, kerosin-142%, çalgy ýaglary -107,7%, suwuklandyryla gaz – 178,4% boldy.

Zawodyň önümleri içerki bazarlar we dünýä ýurtlarynyň ençemesine üstünlikli ýerlenilýär.

Başga makalalar
162fc9092bf5cc.jpeg
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar

Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.


167c55bf58468f.jpg
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.


162fc8af2dec34.jpeg
Türkmenistan birinji ýarym ýyllykda Azerbaýjana benzin ibermekde ikinji orny eýeledi

Azerbaýjan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 36 müň 571 tonna AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi diýip, angy.ru nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.


162fddc19b1166.jpeg
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary zähmet borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary şu ýylyň ýedi aýy boýunça ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Hasabat döwründe müdirlik boýunça tebigy gazyň önümçiligi 7 mlrd 214,6 mln kub metre barabar boldy, meýilnama 127% ýerine ýetirildi.


167c55c4033a7e.png
Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.