ABŞ daşary ýurtlara strategiki ätiýaçlygyndan nebit iberýär - HBS
09:17 07.07.2022 11493
Şu ýylyň iýun aýynda ABŞ strategiki nebit gorundan 5 mln töweregi nebit eksport etdi diýip, habar beriş serişdeleri gümrük statistikasynyň we çeşmeleriň maglumatlaryna esaslanyp habar berýär.Interfaksyň amerikan gümrükhanasynyň maglumatlaryn esaslanyp, habar bermegine görä, 470 müň barrel nebit Italiýanyň Triestine Tehasdaky ammardan iberildi. Triestden Merkezi Ýewropadaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlara nebiti ýetirýän turba geçiriji geçýär.Total Energies fransuz nebit kompaniýasynyň bölümi Atlantic Trading & Marketing her biri 560 müň barrelden iki tapgyr eksport etdi diýip, gümrük maglumatlary tassyklaýar.Strategik ätiýaçlyklardan ýükler şeýle hem Niderlandlara we Hindistandaky Reliance nebiti gaýtadan işleýän zawodlara iberildi diýip, häkimiýetden çeşme habar berdi.Strategik ätiýaçlyklardan ýangyjyň eksport edilmegi günbatar hyzmatdaşlarynyň rus ibermelerinden el çekmeginiň netijesinde olaryň ýitgileriniň öwezini dolmaga synanyşygy aňladýar. Şol bir wagtda nebitiň daşary ýurtlara iberilmegi ABŞ-da benziniň hem-de dizel ýangyjynyň bahasynyň birden ýokarlanmagy bilen baglylykda Prezidenti Jo Baýdeniň ýagdaýyny kynlaşdyrýar diýip, habar beriş serişdeleri habar berýär.Geçen aýda ABŞ-da nebitiň strategik ätiýaçlyklary 1986-njy ýyldan bäri iň aşak derejä ýetdi diýip habarlarda aýdylýar.Şu ýylyň mart aýynyň ahyyrnda Baýden bazara ýurduň strategik goorlaryndan geljek alty aýyň içinde her gün ortaça 1 mln barrel nebit iberjekdigini habar berdi.Amerikanyň Prezidentiniň sözlerine görä, bu taryhda ABŞ-nyň strategik nebit ätiýaçlyklarynyň iň uly möçberde bölünmesidir.
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.
Türkmenistan birinji ýarym ýyllykda Azerbaýjana benzin ibermekde ikinji orny eýeledi
Azerbaýjan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 36 müň 571 tonna AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi diýip, angy.ru nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary zähmet borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary şu ýylyň ýedi aýy boýunça ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Hasabat döwründe müdirlik boýunça tebigy gazyň önümçiligi 7 mlrd 214,6 mln kub metre barabar boldy, meýilnama 127% ýerine ýetirildi.
Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.