Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alyşda bolar
17:41 13.07.2022 6099
Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alşa çykar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlap geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde karar kabul etdi.
Döwlet Baştutany ýolbaşçylaryň Awazada, Arçmanda we Ýylysuwda ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp biljekdiklerini belledi.
Şol bir wagtda Prezident oba hojalyk toplumyna ýolbaşçylyk edýän wise-premýeriň hem-de oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň pagta ýygymy tamamlanandan soň dynç alyp biljekdiklerini belledi.
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.
Türkmenistan birinji ýarym ýyllykda Azerbaýjana benzin ibermekde ikinji orny eýeledi
Azerbaýjan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 36 müň 571 tonna AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi diýip, angy.ru nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary zähmet borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary şu ýylyň ýedi aýy boýunça ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Hasabat döwründe müdirlik boýunça tebigy gazyň önümçiligi 7 mlrd 214,6 mln kub metre barabar boldy, meýilnama 127% ýerine ýetirildi.
Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.